Künjili Börek

Posted by Akjemal on Dec 5, 2008 in Nahar reseptleri |

Cooked by Akjemal Allaberdiyeva

Pişiren Akjemal Allaberdiýewa

Künjili böregi taýynlamak üçin gerekli zatlar

1. Un
2. Duz
3. 4 sany kartoshka
4. 1 sany kiçiräk sogan
5. 300 gr kömelek
6. 1sany pomidor
7. 3 sany ýumurta

Kunjili böreginiň hamyry
İlki öz çakyňyz bilen duz goşup mylaýymja suw bilen hamyr ýogurmaly.

Künjili böregiň içini taýýarlamak
Daşy artylan 4 sany kartoşkany we gowja edip ýuwlan kömelegi gaýnatmaly. Gaýnan kartoşkany gowja edip ezip püre ýagdaýyna getirmeli. Soňra bolsa komelekleri ownujak edip dogramaly. 1 sany sogany ownyjak edip dograp, ýaňky püre edilen we ýaňky dogralan kömelek bilen garmaly. Üstüne pomidoram ownujak edip dograp goşmaly we 2 ýumurta çakmaly. Elbetde duz goşmagy ýatdan çykarmaň.

Hamyr bilen içini goşmak
Başda taýýarlan hamyrmyzy inçejik edip ýaýyp kagyz şekline getirýäs we ýaňky iç üçin taýýarlan kartoşkaly garyndymyzy hamyryň hemme yerine ýaýradyp çykýas.  Soňra bolsa hamyry tegeleýäs, ýagny tegelemek diýlende ýalnyş düşünmäň,  oklaw (oklow) şekline meňzedip tegeleýäs. Tegelenen hamyry dört burç edip kesip çykýas we 1 sany ýumurtany çakyp kesilen bölejikleriň üstüne ýumurtaň sarysyny çalyp çykýas. Elbetde ady künjili börek bolanlygy üçin künjileri ýumurtanyň sarysyny çalansoň üstüne sepmeli :-) . Sepmeseňiz künjisiz börek bolýa :).

İndi näme pişirmäge gezek geldi.
180 oC derece (gradus) gyzgynlykda duhowkada hamyrymyzy 40 minutlap pişirýäs.

Nädip iýmeli?
Türklerde her ýigidiň gatyk içisi başgadyr diýip nakyl bar.  İşdäňiz açyk bolsun :).

Bir sany künjüli börejik

Tags: ,

1 Comment

merjen
Dec 7, 2008 at 9:13 pm

salam akjemal tuweleme


 

Reply

Copyright © 2010 Akjemal Allaberdiyeva All rights reserved. Theme by Laptop Geek.